“Hyjuwly aýdym-saz dörediji kompozitorlar” atly söhbetdeşlik


“Hyjuwly aýdym-saz dörediji kompozitorlar” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen halkynyň ussat kompozitorlarynyň döredijiligine bagyşlap, “Hyjuwly aýdym-saz dörediji kompozitorlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat kompozitorlar, olaryň döreden ajaýyp saz eserleri barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplaryndan aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly barada beýan edilen gymmatly maglumatlar barada täsirli gürrüňleri aýdyp berdiler. Şeýle-de kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny, saz dörediji ussatlaryň ajaýyp eserlerini giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.