“Watanym – bagtym, Garaşsyzlyk - ganatym”


“Watanym – bagtym, Garaşsyzlyk - ganatym”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Büzmeýin etrap medeniýet öýleri bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Watanym – bagtym, Garaşsyzlyk - ganatym” ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöýerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri ýetilen beýik sepgitler, ösüşler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda höwesjeň okyjylar şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edip, goşgulary, ajaýyp aýdym – sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

Edebi-sazly çäräniň ahyrynda ýurt Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny Watanymyzyň goşa ganaty hasaplaýan, öz halkyny täze ygtybarly, sagdyn ýol bilen belentliklere tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.