“Beýik Garaşsyzlygymyzyň batly gadamlary”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Beýik Garaşsyzlygymyzyň batly gadamlary” ady bilen edebi-sazly agşam geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny bellemek bilen eziz diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk taryhy döwürde asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan işler, beýik özgertmeler giň gerimde durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary Watanymyzyň ösüşini wasp edip ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.