“Garaşsyzlyk-ganatym” atly çeper okaýyşly bäsleşik


“Garaşsyzlyk-ganatym” atly çeper okaýyşly bäsleşik



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde baş baýramçylygymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyna bagyşlap “Garaşsyzlyk-ganatym” atly çeper okaýyşly bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşikde kitaphana hünärmenimiz Garaşsyzlygyň ähmiýeti we onuň beren miweleri barada gürrüň berdiler. Soňra mekdep okuwçylarynyň arasynda Garaşsyzlygymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän şygyrlary aýtmakda bäsleşik geçirildi. Çeper okaýyşly bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylaryň her birine kitaphanamyzyň adyndan “Ertekiler dünýasinde” atly kitap sowgat gowşuryldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Şöhrata beslenen ýyllar” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda çagalar üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.