“Köňüllerde baş baýramyň mukamy, toý toýlaýar Garaşsyzlyk mekany”


“Köňüllerde baş baýramyň mukamy, toý toýlaýar Garaşsyzlyk mekany”



Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Köňüllerde baş baýramyň mukamy, toý toýlaýar Garaşsyzlyk mekany” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän işlere guwanmak, buýsanmak bilen, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň uly borjumyzdyr diýip bellediler. Köňülleriň buýsanjyna öwrülen bu şanly senäni halkymyz her ýyl zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar, ony beýik ösüşler bilen şöhratlandyrýandygyny uly buýsanç bilen aýtdylar. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda belent maksatly başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar, uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan senedigini, beýik özgertmeler halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýandygy barada söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň tanymal zenan bagşylarynyň dutar saz guralynda çalyp ýerine ýetiren ajaýyp Watan waspyny taryp edýän şirin owazly aýdymlary söhbetdeşligiň baý many-mazmunyny artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.