“Gadym Oguz Diýaryna, gül açdyran Garaşsyzlyk”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 88-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlap “Gadym Oguz Diýaryna, gül açdyran Garaşsyzlyk” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärä gatnaşan döredijilik işgärleri, kitaphanaçylar we mugallymlar Garaşsyzlygymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp miweleri barada, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alanyndan soňra hemmetaraplaýyn ösüşleri , ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň rowaçlyklara beslenýändigini buýsanmak bilen gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň waspyny ýetirýän goşgy setirleri okaldy. Çäräniň dowamynda ýaňlanan mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bolsa çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.