“Kitap - geçeni, geljegi öwredýän dana” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Kitap - geçeni, geljegi öwredýän dana” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde şeýle-de olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde eýeleýän gymmatly orny barada aýratyn nygtadylar. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylar ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.