“Kitap-paýhas çeşmesidir”


“Kitap-paýhas çeşmesidir”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy şäherimizde ýerleşýän 31-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Kitap-paýhas çeşmesidir” ady bilen kitaphana gezelenç gurnady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň bilim almagy, olaryň sagdyn ösmegi üçin döwlet tarapyndan bimöçber aladalar edilýändigi hakynda, bu günki gün döwrebap kitaphanalaryň birnäçesiniň halka hyzmat edýändigini, kitabyň mukaddesligi barada kitaphanaçylar gyzykly gürrüň berdiler. Gezelenje gelen okuwçylara türkmen halk ertekilerinden birnäçesini gyzykly gürrüň berdiler, şol ertekiler esasynda çagalar bilen sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda kitaba uly hormat goýýan, täze döwrebap kitaphanalarda okamaga, işlemäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.