“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”


“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Gypjak medeniýet öýünde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy esasynda halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesi özgerdi. Eşretli zamanamyzda raýatlarymyz parahat, abadan, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Çärede çykyş edenler «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkyň bähbidinden ugur alýandygyny subut edýär hem-de raýatlaryň jan saglygyny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendigi şeýle hem ýollaryň hereketini düzgünleşdiriji enjamlaryň, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi, ýol hereketini kadalaşdyrýan belgileriň, wideogözegçilik enjamlarynyň oturdylmagy sürüjiler hem-de pyýadalar üçin ýol howpsuzlygyny üpjün etmegiň mümkinçiliklerini artdyrýar diýip gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň röwşen geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.