“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”


“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde her bir ynsanyň öz saglygyny goramakda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegi zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol – ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň, şonuň bilen bilelikde pyýadalaryň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri hemişe zerurlyk bolup durýar. Bu mesele barada ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiň kadalaryny gündelik ýatladyp durmak her bir ata – eneleriň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň galyberse-de, biziň hemmämiziň borjumyz bolup durýanlygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy goramakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.