“Kitap okap, dürler saçyň, çagalar!” atly gürrüňdeşlik


“Kitap okap, dürler saçyň, çagalar!” atly gürrüňdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Kitap okap, dürler saçyň, çagalar!” atly gürrüňdeşlik geçirdi. Ýaňy-ýakynda şahyr-mirasgär Hangeldi Babaýewiň “Kitaphanalar” hem-de “Kitap okaň!” atly goşgularyny biziň kitaphanamyza sowgat etdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz şahyr-mirasgär Hangeldi Babaýewiň “Kitaphanalar” hem-de “Kitap okaň!” atly goşgularynyň many-mazmunyny çagalara giňişleýin düşündirdiler. Şahyr bu goşgularynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesilleri milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada belläp geçendigini gürrüňdeşligiň dowamynda goşgulary okamak arkaly göz ýetirdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň ýaşlarda arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmeginde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler edildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.