“Kitap ruhy hazyna”


“Kitap ruhy hazyna”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 93-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Kitap ruhy hazyna” ady bilen gezelenç geçirildi.

Ösüp gelýän ýaş nesli Watana wepaly adamlar edip terbiýelemek, olary dünýä täzelikleri bilen tanyşdyryp durmak kitaphanalaryň öňünde uly wezipe bolup durýar. Gezelenje gatnaşan okuwçylara kitaphana hazynasynda bar bolan kitaplar we kitaphana hazynasyndan peýdalanmagyň tertip-düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň giň many-mazmunly kitaplary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Gezelenje gatnaşan okuwçylar, bize döwrebap kitaphana hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar we olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.