“Bal süýji, baldan-da bala” ady bilen geçirilen edebi ertirlik


“Bal süýji, baldan-da bala” ady bilen geçirilen edebi ertirlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmen Döwlet Gurjak teatrynda “Bal süýji, baldan-da bala” ady bilen edebi ertirlik geçirdi. Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda teatryň artistleri gurjaklar bilen dürli sahna oýunlaryny, baýramçylyk mynasybetli çykyşlary görkezdiler. Täsirli sahna oýunlaryna körpejeler uly höwes bilen tomaşa etdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide ýerleşdirilen birnäçe ertekileri çagajyklara okap berdiler.

Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.