“Olar ýüreklerde ebedi ýaşar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Hatyra gününe bagyşlanyp “Olar ýüreklerde ebedi ýaşar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde her ýylyň 6-njy oktýabrynda mähriban halkymyz şöhratly taryhynda watançylygyň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen merdana Gahrymanlary uly hormat bilen hatyralaýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen tebigatyň ajaýyp künjeginde al-elwan güllere beslenip oturan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy bu gün halkymyzyň mukaddes saýýan ýerleriniň birine öwrülendigini, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabady we onuň töweregindäki obalary sarsdyran, aýylganç ýer titremesinde ömür tanapy kesilen ildeşlerimiziň hormatyna dikilen ýadygärliklere nesiller tagzym edýändiklerini, Watan ogullaryny, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, Watany söýmegiň nusgasyna öwrülen şol gahrymanlaryň hatyrasy hemişe ýüreklerde saklanýar diýip çärä gatnaşanlara gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda goý, halkymyzyň mukaddes däp-dessurlaryny dikeldip, mert pederlerimize belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!