“Hatyra güni- hakyda güni”


“Hatyra güni- hakyda güni”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda “Hatyra güni- hakyda güni” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp ýol-ýörelgelerimize diýseň uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz öten-geçenlerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň hatyrasyny belentde tutýandygyny, ata Watanymyz we mähriban halkymyz üçin göreşen milli gahrymanlarymyzy, wepat bolanlary, mertleri, şehitleri hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridigini, ýurdumyzda her ýyl Hatyra gününiň bellenilmegi, halkymyzyň öz şöhratly taryhyna, gaýduwsyz we batyr gerçeklerine goýýan baky hormatynyň ajaýyp nusgasydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurt parahatçylygy, il abatlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.