“Hasratly gijäni hatyralap”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Hatyra gününe bagyşlanyp “Hasratly gijäni hatyralap” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Ata Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde wepat bolan edermen gerçekleri, gahrymanlary we ata-babalarymyzy hormat bilen ýatlamak, mertligiň gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrülen gahrymanlaryň hatyrasyny tutmak ýurdumyzda uly däbe öwrüldi. Gürrüňdeşlikde adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlar baradaky ýatlamalar adamlaryň hakydasynda hemişelik saklanýar, we nesiller olaryň ruhunyň öňünde baş egýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurnalan kitap sergide ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabry – Hatyra güni asylly däpleriň döwlet derejesinde hatyralanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.