“Bagt sakasy saglyk ”


“Bagt sakasy saglyk ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Bagt sakasy saglyk ” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin olaryň saglygyny berkitmekleri ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi şeýle-de iň gymmatly baýlyk saýylýan ynsan saglygynyň, berk bedenliligiň, gujur-gaýratyň gözbaşy bolan sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky uly öňegidişlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada okyjylarymyz bilen sorag-jogap alyşdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.