Gahryman Arkadagymyzyň täze peşgeş beren “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy


Gahryman Arkadagymyzyň täze peşgeş beren “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy



,,Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere beýik ýeňişlere beslenýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilmegi halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň täze peşgeş beren “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabarada çykyş edenler kitabyň gadyr-gymmaty hakynda täsirli söhbetler etdiler.

Şeýle hem Mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny,gymmatly eserleriniň köp bolmagyny arzuw etdiler.