“Köptaraplaýyn ýiti zehin”


“Köptaraplaýyn ýiti zehin”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbanepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp “Köptaraplaýyn ýiti zehin” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berdinazar Hudaýnazarow öz eserlerinde halkymyzyň başdan geçiren kynçylyklaryny, gaýgy-hasratlaryny, şatlyklaryny birin-birin beýan edýändigini, ýazyjydan romanlaryň, powestleriň, publisistik makalalaryň, ýüzlerçe ajaýyp goşgy setirleriniň miras galandygyny bellediler. Berdinazar Hudaýnazarowyň şygyrlarynyň gözbaş çeşmesiniň durmuşdygyny, adamlaryň ykbalydygyny, öz halkyny beýgeldip, mertebeläp, ululyga hem mertebä ýeten söz ussadydyr diýip nygtadylar. Ol bütin ömrüne “bir- birini bagryna basyp”, “dogan diýýän”, ,,hemmejämiz şu toprakda doglan diýýän”, gözel geljeginde gözi eglenýän türkmeni göresi gelýändigini arzuw edipdi. Ol şol arzuwyna ýetendigini:

Erkinlik deňzinde ýüzýän gulaçlap,

Ýaýna halkym, ykbalyňy alkyşlap,-

diýen ýaly setirlerinde görünýändigini bellediler. Şeýle-de türkmen halky hiç zady, hiç kimi, onda-da öz halal zähmeti bilen il-güne hyzmat eden ogullaryny unutmaýandygyny, olary hemişe ýagşylykda ýatlamak ata-baba däbimizdigini, bu mukaddes däp ýörelgämiz bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giň gerime eýe bolandygyny, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra bolsa “Saýlanan goşgulary” täzeden neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilendigini, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň eserleri türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyryp öz mynasyp ornuny tapandygyny we olaryň hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejekdigini buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzy mertebeleýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.