Tanyşdyrylyş dabarasy


Tanyşdyrylyş dabarasy



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynyň 14-nji tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, onuň biziň gözel tebigatymyza, onuň baý ösümlik dünýäsine bolan söýgüniň has hem ýaş nesillerimiziň aňyna guýmakdaky ähmiýeti hakynda durup geçdiler.

Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde, “Arkadagyň kitaplary pähim-paýhas çyragy” ady bilen giň möçberde kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynyň dürli tomlary şeýle hem bu gymmatly kitabyň daşary ýurtlarda terjime edilen nusgalary goýuldy.

Çykyş edenler dabaranyň ahyrynda Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny şeýle hem, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.