“Gülleýär teatr, kino sungaty”


“Gülleýär teatr, kino sungaty”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda täze gelip gowşan kitaplar esasynda “Gülleýär teatr, kino sungaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli sungatlar bilen bilelikde teatr, kino we sirk sungatyna uly sarpa goýulýandygy, ýaňy ýakynda “Türkmenistanyň görnükli teatr, kino we sirk artistleri” atly 2 tomluk ensiklopedik kitabyň kitaphana gelip gowuşandygy we giň okyjylar köpçüligine ýetirilendigi, şeýle hem bu kitapda türkmen teatr sungatynyň taryhy, kino we sirk artistleri, režissýorlar, kinorežissýorlar, kompozitorlar, dirižýorlar, sungaty öwrenijiler barada maglumatlaryň hem-de fotosuratlaryň ýerleşdirlendigi hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen sungatynyň taryhy ösüşleriň netijesinde, onuň dürli ugurlarynyň täzeden-täze görnüşe eýe bolýandygy, türkmeniň milli teatr sungaty hem uly sepgitlere ýeten halk döredijiliginiň esasynda kemala gelen ajaýyp sungatdygy, milli sirk sungatynyň bolsa has-da ösdürilýändigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.