“Magtymguly dana şahyr sözleri dürdäne şahyr”


“Magtymguly dana şahyr sözleri dürdäne şahyr”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 79-njy orta mekdep bilen bilelikde “Magtymguly dana şahyr sözleri dürdäne şahyr” ady bilen kitap sergi we wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen şygryýetinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ol Berkarar döwleti, agzybir halky arzuw edipdir. Türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga buýsanjy uludyr.Türkmeniň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täji bolup galan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň kalbynyň owazy bolup durýar. Magtymguly atamyzyň taglymaty ili agzybirlige, jebislige, bir döwlete gulluk etmäge, mertlige, batyrlyga, hallalyga çagyrypdyr. Magtymguly öz döwrüniň beýik akyldarydyr, öz şygyrlary bilen terbiýe beren terbiýeçi şahyrdygy, barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphanaçylaryň we mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary ýerine ýetirildi.

Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.