Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş» ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan sagdyn nesil kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler hakynda şeýle-de ýurdumyzda her bir raýatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýändigi, kadaly we dogry iýmitlenmegiň ynsan saglygyny goramakdaky ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.