Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli geçirilen çäre


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli geçirilen çäre



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi hem-de Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebi bilen bilelikde Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmanistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş çäresini geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz melhemler mekany eziz diýarymyzda ösýän melhemlik ösümlikleriniň henize çenli öwrenilmedik 118 sany görnüşiniň lukmançylykda peýdalanyşy, ýygnalyşy, taýýarlanylyşy barada gymmatly maglumatlary açyp görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň baýramçylyk sowgady bolan ajaýyp eseri tanyşdyrylyş çärä gatnaşan talyp-ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.