Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 80-nji orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bu kitaby tutuş halkymyz üçin hem uly ähmiýete eýe bolandygy, kitapda dermanlyk ösümlikleriň suratlarynyň, olar baradaky ylmy maglumatlaryň ýerleşdirilmegi, biologiki aýratynlyklarynyň, ýaýran ýerleriniň, tebigy gorlarynyň, dermanlyk serişdeleriniň, himiki düzüminiň takyk tertipnama esasynda görkezilmegi bu ylmy eseriň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyza şeýle gymmatly kitaplary sowgat berýän Gahryman Arkadagymyza, Watanymyzy ösdürmekde uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.