“ Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr”


“ Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 90-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň çuň many-mazmunly döredijilik ussatlygy özünden soňky şahyrlaryň hem akyldarlaryň edebi mekdebini dowam etmeklerine giň ýol açandygyny we Akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň ýaş nesillerde ata Watana, eziz topraga bolan gyzgyn söýgüni ösdürmekde olaryň halal, Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ynsanlar bolup ýetişmeklerinde terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Şeýle-de ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň ählisi tirseklerine galdyrylyp, olaryň eserleri täzeden neşir edilip, has owadan, nepis bezelip halkymyza gowuşýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylary Magtymgulynyň goşgularyny, onuň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda alyp barýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.