“Adyň dillerde dessan, sözüň müň derde derman” ady bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary esasynda geçirilen edebi-sazly çäre


“Adyň dillerde dessan, sözüň müň derde derman” ady bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary esasynda geçirilen edebi-sazly çäre



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlap, “Adyň dillerde dessan, sözüň müň derde derman” ady bilen edebi-sazly söhbetdeşligini geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň ýaş nesli halallyk, ynsaplylyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, dogruçyllyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Bu çäräniň hormatly myhmany ýazyjy-şahyrymyz Süleýman Ilamanow hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki terbiýeçilik we watançylyk temalaryny okuwçylara giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan birnäçesini labyzly aýdyp berdiler hem-de özara sowal-jogap alyşdylar.

Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.