Janly tebigata syýahat


Janly tebigata syýahat



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde “Janly tebigata syýahat” atly Aşgabat şäherinde ýerleşýän janly tebigat hakynda gürrüň geçirdiler.

Kitaphananyň hünärmenleri Janly tebigatyň milli muzeýi barada okyjylaryň arasynda gürrüň berip, şu janly muzeýde haýwanlaryň 216 sany görnüşiniň bardygyny aýdyp berdiler. Bu ýerde haýwanlaryň rahat ýaşamagy, iýmitlenmegi üçin ähli zerur şertler bar. Olaryň ýörite gyşky, tomusky meýdançalary bar. Haýwanlaryň sany ýyl geçdigiçe artýar. Gökderä uzalyp barýan ýoluň ýakasynda ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi – her birimiz üçin täsinlikleriň gözellikleriň başlanýan künjegi diýip täsirli gürrüňler etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri kitap sergisini gurnadylar.

Çärämiziň soňunda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.