“Bu gün seniň döwrüň geldi, Pyragy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň şeýle-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň bilelikde guramagynda “Bu gün seniň döwrüň geldi, Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halkynyň çeper gymmatlyklaryna aýratyn hem Magtymguly Pyraga uly sarpa goýulýar.
Söhbetdeşlikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi onuň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti we onda mertlik we gaýduwsyzlyk, türkmene mahsus bolan häsiýetleriň jemlenendigi, şahyryň eserleriniň dünýäniň köp dillerinde terjime edilenligi, bu bolsa şahyra uly sarpa goýulýanlygyndan nyşandyr diýip söhbet etdiler. Magtymguly Pyragy diňe bir döwrüň şahyry bolman, eýsem ol umumadamzat şahyrydygy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ählii halk üçin uly mekdep bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny öwrenmekde uly işler alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.