“Kalplary nurlandyrýan kitaplar” atly döredijilik duşuşygy
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde öz okyjylary bilen “Kalplary nurlandyrýan kitaplar” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri kitap söýüji ýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň terbiýeçilik ähmiýetini giňden wagyz etdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Geçirilen döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.