“Garaşsyz, Türkmenistan Watanymyzyň waspy dünýä dolýar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Bagtyýarlyk etrabynyň medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde “Garaşsyz, Türkmenistan Watanymyzyň waspy dünýä dolýar” ady bilen kitap sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen belent sepgitleriň artýandygy, bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her bir işde öňde belent maksat goýup zähmet çekmek baradaky düşünjäni ýüregimize guýmagynyň miwesidigini belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýandygyny, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary bolsa geljekde ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek merdana nesillerdigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ösüşlerden, ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.