Güýz paslynyň gelmegi bilen çagalaryň arasynda “Peýdaly maslahatlar” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik


Güýz paslynyň gelmegi bilen çagalaryň arasynda “Peýdaly maslahatlar” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Peýdaly maslahatlar” ady bilen saglyk barada gürrüňdeşlik geçirdi.

Kitaphananyň hünärmenleri Güýz pasly – ajaýyp pasyl şeýle hem, sagdyn bolmak we witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmek , pasla görä geýinmek we arassaçylyk talaplaryna aýratyn üns bermekligiň zerurdygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndan birnäçe derman ösümlikleriniň peýdasy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.