“ Türkmen alabaýy-wepadarlygyň nusgasy’’ atly söhbetdeşlik


“ Türkmen alabaýy-wepadarlygyň nusgasy’’ atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda “Türkmen alabaýy-wepadarlygyň nusgasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen,türkmen alabaýynyň adamlaryň iň ýakyn dostydygyny onuň mydama wepadarlygyny nygtap geçdiler. Şeýle hem söhbetdeşlikde bu gymmatly kitabyň iňlis,rus dillerinde çykan neşirleri bilen hem okyjylarymyzy tanyşdyrdylar.

Söhbetdeşligiň çäginde “ Türkmen alabaýy-wepadarlygyň nusgasy“ atly giňişleýin kitap sergisi hem guraldy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.