“Mirasym – milli baýlygym”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Mirasym – milli baýlygym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzyň halkyň ruhy aýnasydygyny, eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde möhüm işleriň alnyp barylýandygyny, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň belentde tutulýandygyny bellediler.
Ene-mamalarymyzyň milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek , dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändiklerini, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiliginiň möhüri basylan el hünärli zenanlarymyzyň buýsanjydygyny, abraý-mertebesidigini nygtap geçdiler.
Şeýle-de halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenýändigini, aradan ýarym asyr geçenligine garamazdan , Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň, ören jorabynyň mysalynda hem görýändiklerini buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen zenanlarynyň milli egin-eşikleriniň , şaý-sepleriniň owadanlygyna haýran galýandyklaryny, el hünäriniň milli nusgalaryny dünýä ýaýýan türkmen zenanlarynyň çeper el işleri aýratyn-da gelin- gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukyp-başarnygyny özünde jemleýändigini, geljekki nesillere galjak milli mirasymyzyň nusgalyk sungat eserleridigini nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we dünýä ýaýmakda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.