“Beýik Galkynyş döwrüniň her güni - aýy ösüşlerden serpaýly ”


“Beýik Galkynyş döwrüniň her güni - aýy ösüşlerden serpaýly ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamy, 4-nji çagalar sungat mekdebi hem-de Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Daşkent seýilgähinde “Beýik Galkynyş döwrüniň her güni - aýy ösüşlerden serpaýly ” ady bilen aýdym – sazly çäre geçirildi we göçme sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlylygynda ýurdumyzda ösüşleri has-da dabaralandyryp, ata Watanymyzy röwşen geljege sary alyp barýan Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik ösüşlerden ösüşleri nazarlaýan, dünýä derejesinde abraýy barha artýan eziz Diýarymyzyň haýsy künjegine barsaň-da ösüşdir-özgerişleriň, halkyň bagtyýarlygynyň, çagalaryň şadyýan gülkileriniň şaýady bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisi gurnaldy.

Çäräniň ahyrynda halkyna parahat durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimize öz çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.