“Ülkämiň toý saçagynda”atly duşuşyk


“Ülkämiň toý saçagynda”atly duşuşyk



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen “Bagtyýar nesiller” adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýän hasyl toýy mynasybetli “Ülkämiň toý saçagynda” atly duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň alym mugallymlary mekdep okuwçylaryna gowaça, bugdaý ýaly däneli ekinleriň aýratynlyklary hem-de ene topraga nähili ideg etmelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da myhmanlarymyz ekologiýa abadançylygy dogrusynda hem okuwçylar bilen sowal-jogap alyşdylar. Kitaphana hünärmenlerimiz hem öz gezeginde edebi mirasymyzda halkymyzyň taryhy geçmişi, Watan topragyna buýsanjy hem söýgüsi barada wasp edýän şygyrlaryň ençemesiniň many-mazmuny barada täsirli gürrüňler berdiler.

Gurnalan sergi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen milli saçagynyň bezegi bolan näz-nygmatlar, milli tagamlar ýerleşdirildi.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.