“Pyragynyň arzuwlan zamany geldi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda “Pyragynyň arzuwlan zamany geldi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň bir bitewi döwlet gurmak, agzybirlik, berkararlyk, hakyndaky arzuwlary biziň bu bagtyýar döwrümizde doly derejede amala aşandygy, söz ussadynyň many-mazmuna baý çeper goşgulary adamzat jemgyýetini watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, mertlige edermenlige, ar-namyslylyga, halallyga adamkärçilige çagyrýandygy barada belläp geçdiler.
Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň paýhasly setirleri bagtyýar halkymyza egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat berýändigi, bagtyýarlyk döwrüniň nurana ýoluna ruhlandyrýar, hut şonuň üçinem, Magtymguly we onuň döredijilik dünýäsi bir göwne, bir göwrä sygmaýar, ol ähli göwünleriň, ähli döwürleriň şahyrydygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda akyldar şahyrymyza hormat goýup, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.