“Pyragyň arzuwlan zamany geldi”


“Pyragyň arzuwlan zamany geldi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 81-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap “Pyragyň arzuwlan zamany geldi” ady bilen sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” , Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldanandygy, bu çözgütler elbetde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde kabul edilendigi dogrusynda, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary bilen türkmen edebiýatyny baýlaşdyryp, onda öçmejek yz galdyran, döwletiň berkararlygyny, halkyň agzybirligini islän şahsyýetligi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.