“Arkadagyň eserleri – ýolumyza ýörelge”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Arkadagyň eserleri – ýolumyza ýörelge” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler her bir güni okgunly ösüşler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň ähli ulgamlarynda taryhy ösüşlere eýe bolýandygy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary Watanymyzyň kitap baýlygynyň hasda baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde, ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi barada aýratyn belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda halkyna sowgat beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitabynyň elimize gowuşmagy galkynan ýüreklerimizi has-da joşdurýandygyny bellemek bilen bu ajaýyp kitapda türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenilmegi ynsan saglygyny berkitmäge ýardam berýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.