Halkara üstünligimiz


Halkara üstünligimiz



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda dünýä ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Ol hem özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýakynda meşhur Azerbaýjan kompozitory Fikret Amirowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Yslam döwletleriniň nusgawy sazlary ýerine ýetirijileriň arasynda halkara bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň II ýyl talyby Kowus Bäşimow üstünlikli çykyş edip II orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda Kowus Bäşimow Uilýam Uoltonyň alt we orkestr üçin konsertiniň 1-nji bölümini, Fikret Amirowyň balladasy ýaly eserleri ýerine ýetirdi.

Bu bäsleşige Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Azerbaýjan, Türkiýe, Eýran, Gazagystan ýaly döwletlerden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Şeýle halkara bäsleşikde talybymyzyň ýeňiji bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

Talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän mümkinçlikleri üçin Arkadagly Serdarymyza özümiziň çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Öwezmyrat JANMYRADOW.