Çaga we kitap
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gahryman Arkadagymyzyň ,,Paýhas çeşmesi’’ kitabyndaky:“Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir” diýen sözlerinden ugur alyp, “çaga we kitap” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Bu söhbetdeşlikde çaga zehinine täsir edýän esaslar ýagny, çaga we aýdym-saz, çaga we kitap, çaga we surat, çaga we oýunjak, çaga we sport ýaly temalardan söz açyldy. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär we kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan çaga özüne aýratyn bir dünýäni gurýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär.
Kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna täsiriniň uludygyny nygtamak bilen, kitaphanamyzyň işgärleri ähli ýaşdaky okyjylar üçin kitaphanamyzyň gapysynyň açykdygyny aýdyp, olary kitap okamaklyga çagyrdylar.