“Ýurdumyz Bitarap, parahat mekan, türkmen ili barýar toýlara bakan”


“Ýurdumyz Bitarap, parahat mekan, türkmen ili barýar toýlara bakan”



Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli “Ýurdumyz Bitarap, parahat mekan, türkmen ili barýar toýlara bakan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolandygyny we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderligi ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterilendigi, parahatçylgyň birek-birege ynanyşmagyň ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenstan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýandygyny barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar Garaşsyz, Bitarap döwletimizi, asuda parahat ýurdumyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary wasp etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän kitaplar esasynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.