“Bitaraplyk – bagtymyz” atly baýramçylyk dabarasy


“Bitaraplyk – bagtymyz” atly baýramçylyk dabarasy



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk – bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Dabaranyň dowamynda Watan mukaddesligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Bitarap Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 27 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylarymyz, sungaty söýüji ýaşlarymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler.

Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabara “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalar” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.