“Bitaraplyk syýasaty Halkara gatnaşyklarda ynamly gadamlar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk syýasaty Halkara gatnaşyklarda ynamly gadamlar” ady bilen wagyz – nesihat geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda eziz Diýarymyzyň barha rowaçlyklara, üstünliklere beslenýändigi, Türkmenistan döwletimiziň abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi, eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplyk baýramynyň giňden bellenilip, häzirki döwürde Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplap, parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalaryna işjeň gatnaşýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistan Diýarymyzda uly işleri alyp barýan, biz ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.