“Bitaraplyk älem rowaçlygy”


“Bitaraplyk älem rowaçlygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Bitaraplyk älem rowaçlygy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler her bir güni toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz we durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň ýagty geljege alyp barýandygy, Bitaraplyk türkmen halkyny parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berendigini, Bitaraplyk halkymyzyň asylly häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliginiň beýanydyr. Parasatly halkymzyň bu häsiýetleriniň aňyrsynda beýiklik, mertlik, päk ýüreklilik, açyklyk, dogruçyllyk, halallyk ýaly ajaýyp sypatlar we ýörelgeler jemlenendigi hakynda gyzykly we täsirli gürrüň berildi. Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy durmyşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.