“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitabynda beýan edilen Şükür bagşynyň ýüze çykan agyr meseläni diňe sazyň üsti bilen, parahatçylyk ýoly bilen çözendigi baradaky setirler hakynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegi dogrusynda alnyp barylýan belent maksatly beýik işler barada gyzykly gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.