Baky Bitaraplygymyzyň 27ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Halkara Bitaraplyk - baky bagtyýarlyk” atly baýramçylyk dabarasy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hemişelik Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Halkara Bitaraplyk - baky bagtyýarlyk” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 27 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, täze-täze başlangyçlary, hem-de umumyadamzat bähbitli işleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Dabaranyň çäginde “Berkarar, bagtyýar, Bitarap Watan!” ady bilen kitap sergisi guraldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.