“Köňüllere nur çaýýar, Bitaraplyk baýramy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp “Köňüllere nur çaýýar, Bitaraplyk baýramy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Bitaraplyga guwanyp ýaşaýan türkmen halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen toý-baýramlara barýar. Bütin adamzat üçin bolşy ýaly, türkmen halky üçin hem parahatçylygyň, asuda durmuşyň aýratyn uly gymmatynyň barlygy barada, dünýäde parahat, asuda ýurtda ýaşamak her bir ynsanyň arzuwy bolup, bu ynsan üçin iň uly bagtdygyny, Bitaraplyk dost-doganlyk, hoşniýetli-hyzmatdaşlyk “Açyk gapylar” syýasaty bilen dünýä çykandygy, Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleri amala aşyrýandygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyga bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazlar ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.