“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany”


“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Çärede Halkara Bitaraplyk-halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwer ýörelgeleriniň gözbaşy, umumadamzat gymmatlygy, ajap eýýamda Watan, halk, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk diýen mukaddes jümleleriň ýüregimizde ýaşaýandygy, bizi belent maksatlara ruhlandyrýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy Hormatly Prezidentimiziň tagalasy bilen Türkmenistany dünýäniň iň öňde barýan ýurtlarynyň hataryna goşmak üçin deňi-taýy bolmadyk üstünlikleriň we zähmet ýeňişleriniň gazanylmagy, giň möçberli demokratik özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň, halkara giňişliginde onuň barha belende galýan abraýynyň ygtybarly girewi bolup durýanlygy, Bu bolsa biziň taryhymyzda we şu günümizde bolşy ýaly, geljekde hem türkmen döwletiniň sebitde parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, asudalygy gorap saklamakda uly tagallalar etjekdigini ýene bir ýola tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara-hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylýandygy, barada aýdylýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýlede kitaphanada gurnalan sergi bilen okyjylary tanyşdyrdylar.

Goý, halkymyzyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!