Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň ak ýoly.


Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň ak ýoly.



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň ak ýoly” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen dünýäde parahatçylygy goramaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirlen, döwletleri we halklary agzybirlige çagyrýan hem-de wagyz edýän taglymy esaslaryna öwrülendigi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gymmatly we tapawutlandyryjy häsiýeti bolup, onuň esasynda diňe bir ýurduň içinde däl-de, eýsem tutuş sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ugur alýandygy, häzirki günde biziň döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ähli ýurtlary bilen deň gatnaşyklarda bolanýandygy, Türkmenistan Bitarap döwletiň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde birnäçe halkara şertnamalaryna diňe bir gatnaşyjy bolmak bilen çäklemän, eýsem olary durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda irginsiz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.